Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et». Sen, eý, ynsan ogly, ysraýyl halkyny bu öýden habarly et, goý, onuň nusgasyny ölçesinler we etmişlerinden ýaňa utansynlar. Eger eden ähli işleri üçin utansalar, öýüň gurluşyny, onuň ýerbe-ýerdigini, girelgelerini we çykalgalaryny, tutuş taslamasyny we düzgünlerini, ähli meýilnamalaryny we kanunlaryny olara aýan et, gözleriniň alnynda şuny ýaz. Şeýdip, onuň tutuş meýilnamasyny we ähli düzgünlerini saklasynlar, olary berjaý etsinler.
Выбор основного перевода