Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahaz patyşa Aşur patyşasy Tiglatpileseri garşylamak üçin Damaska baranda, Damaskdaky gurbanlyk sypasyny görüp, onuň nusgasyny we teswirini edil bolşy ýaly edip, Uryýa ruhana iberdi. Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy. Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. Ahaz patyşa Damaskdan gelende, gurbanlyk sypasyny gördi. Ol gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelip, onuň üstünde öz ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny hödür etdi, içgi sadakasyny guýdy, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny gurbanlyk sypasyna tarap serpdi. Ahaz patyşa Rebbiň huzuryndaky öýüň öň tarapynda, öz gurbanlyk sypasy bilen Rebbiň öýüniň arasynda duran bürünçden ýasalan gurbanlyk sypasyny aýryp, ony öz gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda goýdy. Ahaz patyşa Uryýa ruhana şeýle tabşyryk berdi: «Ertiriň ýakma gurbanlygyny, agşamyň galla sadakasyny, patyşanyň ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýurduň tutuş ilatynyň ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakalaryny, içgi sadakalaryny şu uly gurbanlyk sypasynyň üstünde ber we ýakma gurbanlygynyň hem-de gurbanlyklaryň ganlaryny gurbanlyk sypasyna serp. Emma bürünç gurbanlyk sypasyny meniň maslahat soramagym üçin ulanmaga goýuň». Uryýa ruhany-da Ahaz patyşanyň tabşyran zatlarynyň baryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi. Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi. «Eý, ynsan ogly! Bu adamlaryň ýüregi butlara baglandy. Günä edip, büdreme daşyny öz öňlerinde goýdular. Heý, şundan soň hem Men bulara Özüme maslahat saldyrarynmy? Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin.
Выбор основного перевода