Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyl Hudaýy sizi ysraýyl halkynyň arasyndan saýlap aldy. Siz Rebbiň mukaddes çadyrynyň hyzmatyny ederiňiz ýaly we halkyň öňünde durup olara hyzmat ederiňiz ýaly, Ol size Özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi. Size indi şu-da azmy? Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa. Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler. Ol maňa: «Bular biş-düş jaýlarydyr. Öýüň hyzmatkärleri halkyň gurbanlyklaryny bu ýerde bişirerler» diýdi.
Выбор основного перевода