Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Goý, olar tutuş öýi gorap, seniň üçin goramak işini ýerine ýetirsinler. Ýöne olar mukaddes öýüň enjamlaryna ýa-da gurbanlyk sypasyna asla golaýlaşmasynlar, ýogsam olaram, sizem heläk bolarsyňyz. Seždegähleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler. Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar. Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar. Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.
Выбор основного перевода