Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz. Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi. Seždegähleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler. Onsoň çep gapdalyňa gyşaryp ýat-da, ysraýyl halkynyň ýazygyny öz üstüňde ýerleşdir; çep gapdalyňa gyşaran günleriňiň sanyna görä olaryň ýazyklaryny çekersiň. Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum. Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular. Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.
Выбор основного перевода