Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler. Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar». Maňa hyzmat etmek üçin huzuryma gelen Sadok neslinden bolan ruhanylara günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe ber. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Bu paý Maňa ruhanyçylyga bagyş edilen Sadok nesilleri üçindir. Olar öýümiň goramak keşigini çekdiler. Ysraýyl halky ýoldan çykanda, lewiler hem ýoldan çykdylar, emma Sadok nesilleri Maňa wepaly boldular.
Выбор основного перевода