Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn. Harunyň mukaddes däl ot bilen Rebbiň huzuryna ýakynlaşandyklary sebäpli ölen iki oglunyň ölüminden soň, Reb Musa şeýle diýdi: «Doganyň Haruna aýt, ol tutynyň aňyrsyna – iň mukaddes otaga islän wagty girmesin, ýogsam ol öler. Çünki Men Äht sandygynyň gapagynyň üstünde bulut bolup görünýändirin. Ol öýüň arka tarapynda, düýbünden depesine çenli kedr agaçlaryndan beýikligi ýigrimi tirsek bolan diwar bina etdi. Ol muny iň mukaddes otag bolan içki otag hökmünde gurdy. Içki otagyň uzynlygy-da, ini-de, boýy-da ýigrimi tirsekdi, oňa sap altyn çaýylandy. Ol şeýle hem kedr agajyndan ýasalan sypa-da altyn çaýdy. Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy bir müň ýigrimi batman sap altyna gaplady. Hudaýyň öýüniň kanuny şeýledir: dagyň başynda onuň ähli töwereginiň araçägi örän mukaddes ýer bolar. Ine, Hudaýyň öýüniň kanuny şudur».
Выбор основного перевода