Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman içki otaga zeýtun agajyndan gapylar ýasady. Gapylaryň germewleri we söýeleri bäş burçlydy. Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy. Şeýle hem Süleýman öýüň daşky otagynyň gapysyna zeýtun agajyndan dörtburç söýeler ýasady. Ol serwi agajyndan iki taýly gapy etdi, onuň iki taýy hem iki tarapa-da açylýardy. Süleýman gapylaryň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary bilen haşamlanan nagşyň üstüne altyn çaýdy. Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň daşky otagyna getirip, onuň söýelerini ölçedi, onuň ini her ýandan alty tirsekdi; bu öňki mukaddes çadyryň giňligi ýalydy. Ol adam daşky otagyň öňündäki bu otagy ölçedi: uzynlygy-da, ini-de ýigrimi tirsekdi. Onsoň ol maňa: «Bu iň mukaddes otagdyr» diýdi.
Выбор основного перевода