Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Zeýtun agajyndan ýasalan iki gapynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy. Süleýman olara altyn çaýdy, keruplaryň we palma agaçlarynyň ýüzüne hem altyn çaýdy. Onuň çykytlarynyň hem-de gapdal ýüzüniň açyk ýerlerine haşamlanan keruplaryň, arslanlaryň hem-de palma agajynyň nagşy salnandy. Olaryň daşyna egrem-bugram şekiller haşamlanyp salnandy. Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy. Olaryň her haýsynyň dört ýüzi bardy. Birinji ýüz kerup ýüzüne, ikinji ýüz ynsan, üçünji ýüz arslan, dördünji ýüz bolsa bürgüt ýüzüne meňzeýärdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy.
Выбор основного перевода