Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy. Diwarlaryň ýüzüne çekilişi ýaly, daşky otagyň gapylaryna-da keruplar bilen palma agaçlary oýulyp çekilendi; daşarda eýwanyň öňünde dalan bardy. Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi. Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy. Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir.
Выбор основного перевода