Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň eýwanyna getirip, onuň girelgesiniň gapdal diwarlaryny ölçedi, olaryň uzynlygy bäş tirsekdi; girelgäniň ini on dört tirsek, gapdal diwarlarynyň ini bolsa üç tirsekdi. bosagalar, tagçalar, bosaganyň garşysyndaky üçtaraplaýyn diwarly eýwança ýerden tagçalaryna çenli agaç gapylydy. Bu tagçalar penjire görnüşindedi.
Выбор основного перевода