Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy. Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy. Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. Daşky otagyň gapy söýeleri inedördüldi; iň mukaddes otagyň öňündäki gapy söýeleri-de bulara meňzeýärdi. Daşky otag bilen iň mukaddes otagyň iki-ikiden goşa gapysy bardy.
Выбор основного перевода