Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol Rebbiň öýüne gözenekli penjireler etdi. Ol öýüň içki diwarlarynyň ýüzüne düýbünden üçegine çenli kedr tagtalaryny tutdy we öýüň poluny serwi agajyndan etdi. Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Onsoň ol öýüň arkasyndaky meýdança bakyp duran ymaratyň uzynlygyny ölçedi, her tarapyndaky eýwanlary bilen birlikde onuň uzynlygy ýüz tirsekdi. Daşky otag, içki otag, howla bakyp duran eýwan, Diwarlaryň ýüzüne çekilişi ýaly, daşky otagyň gapylaryna-da keruplar bilen palma agaçlary oýulyp çekilendi; daşarda eýwanyň öňünde dalan bardy. Eýwanyň gapdal diwarlarynda penjire görnüşli tagçalaryň we palma agaçlarynyň şekili bardy. Öýüň gapdal otaglary we dalan hem şeýledi. Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy. Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy.
Выбор основного перевода