Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar. Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler. Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir. Meniň Hudaýym Reb şeýle diýýär: «Soýulýan sürä çopan bol. Sürini satyn alanlar goýunlary soýýarlar, ýöne jezalaryny çekmeýärler. Goýunlary satýan adam olara: „Rebbe alkyş bolsun, sebäbi men baýadym“ diýýär. Çopanlaryň öz goýunlaryna haýpy gelmeýär. Men şu ýurda bir çopan goýjakdyryn, ol ölüm ýassygynda ýatanyň aladasyny etmez, ýiteni idemez, maýyby bejermez, sag adamyň garnyny doýurmaz. Gaýtam ol semizleriň etini iýip, toýnaklaryny goparar.
Выбор основного перевода