Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Örüler sürülere beslenýär, dereler hem galla bürenýär, olar joşup aýdymlar aýdýar. Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar. Ýakupdan nesilleri çykararyn, Ýahudadan daglarymy miras aljagy; Meniň saýlanym ony miras alar, bendelerim ol ýerde ýaşarlar. Meni agtaran halkym üçin Şaron sürülere öri, Akor jülgesi sygyrlara ýatak bolar». Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin. Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir: Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin. Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler. Ysraýylyň aman galanlary, nähaklyk etmezler, ýalan sözlemezler, agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, olary hiç kim gorkuzyp bilmez».
Выбор основного перевода