Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar. Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer. Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“». Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim». Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin.
Выбор основного перевода