Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň. Hawa, Reb ýagşy zatlary berer, topragymyz öz hasylyny eçiler. Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar. Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. «Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin.
Выбор основного перевода