Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi gözden geçirip, ähte boýun bolmaga mejbur ederin. Pitneçileri we Meniň garşyma jenaýat edenleri siziň araňyzdan aýraryn, olary gelmişek bolup ýaşaýan ýurtlaryndan çykararyn, ýöne olar Ysraýyl ýurduna girmezler. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz». Çopanlara garşy tutaşdy gaharym, baştutanlary jezalandyraryn. Hökmürowan Reb Öz sürüsiniň – Ýahuda nesliniň aladasyny eder, olary buýsançly söweş aty kimin eder. Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar.
Выбор основного перевода