Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, halkym, taglymatyma dykgat ber, meniň sözlerime gulak goý. Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin. Eşiden we bilen zatlarymyzy, atalarymyzyň bize aýdanlaryny. Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz; Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny, Onuň görkezen gudratlaryny, geljek nesle yglan ederis. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Ok-ýaý bilen ýaraglanan Efraýym nesli, söweş gününde ökje göterdi. Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar, Onuň kanunyna görä ýöremekden ýüz döndürdiler. Unutdylar Onuň işlerini, olara görkezen gudratlaryny. Ol Müsür ýurdunda, Zogan düzünde, atalarynyň öňünde gudratly işleri etdi. Ol deňzi böldi, olary ondan geçirdi, suwlary bir üýşmek kimin duruzdy. Gündizine ýol görkezdi Ol bulut bilen, bütin gije – oduň ýagtysy bilen. Ol çölde gaýany ýardy, çuňluklardan deý olary bolelin suwdan gandyrdy. Ol gaýadan suwlar çogdurdy, suwlary derýalar kimin akdyrdy. Ýöne şonda-da Oňa garşy günä etmegi, çölde Beýik Hudaý garşy baş götermegi, dowam etdiler. Ýüreklerinde Hudaýy synaga salyp, öz küýsän iýmitlerini talap etdiler. Hudaýa garşy sözläp, şeýle diýdiler: «Hudaý çölde saçak ýazyp bilermi? Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?» Reb muny eşidende dergazap boldy, Ýakup halkyna garşy ýalyn tutaşdy, Ysraýyl halkyna gazaby ör boýuna galdy. Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi, Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady. Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy, gökleriň gapylaryny açyp goýberdi. Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi. Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi, Ol olara bolelin iýmit iberdi. Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi, kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi. Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin, ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin. Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna, mesgenleriniň daş-töweregine. Olar gerk-gäbe iýip doýdular, sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi. Emma heniz isleglerinden el götermänkä, iýmitleri heniz agyzlaryndaka, Hudaýyň gazaby olaryň üstünden indi. Ol olaryň iň daýawlaryny öldürdi, Ysraýylyň nowjuwanlaryny ýere gaplady. Emma şonda-da günälerini dowam etdiler, Onuň gudratlaryna ynanmadylar. Şoňa görä, olaryň günlerini puja çykardy, ýyllaryny howp-hatara gaplady. Olary öldüren mahaly Ony agtarýardylar, toba edip, erjellik bilen Ony gözleýärdiler. Olar Hudaýyň özleriniň gaýasydygyny Beýik Hudaýyň özleriniň Penakäridigini ýatlaýardylar. Olar agyzlary bilen Oňa ýaranýardylar, emma dilleri bilen ýalan sözleýärdiler. Ýürekleri bolsa Oňa sadyk däldiler, olar Onuň ähtine biwepadylar. Ýöne rehim-şepagat edip, olaryň günäsini Ol bagyşlady, olary heläk etmedi, gaharyny köp gezek olardan sowdy, bütin gazabyny oýandyrmady. Onuň ýadyndady olaryň bir ynsandygy, geçip gidýän we dolanmaýan bir şemaldygy. Näçe gezek çölde Oňa garşy baş galdyrdylar, sährada Ony gamlandyrdylar! Hudaýy öwran-öwran synap gördüler, Ysraýylyň Mukaddesini öjükdirdiler. Ýatlamadylar Onuň güýjüni, olary duşmandan azat eden gününi. Müsürde görkezen alamatlaryny, Zogan düzündäki gudratlaryny: olar derýalaryndan içmesin diýip, Ol akarlaryny gana öwürdi. Olary ýalmap-ýuwutsyn diýip, üstlerine siňek sürüsini iberdi. Olary başagaý etsinler diýip, gurbagalar iberdi. Gemriji çekirtgä berdi hasyllaryny, ýumurtgadan çykan çekirtgä – zähmet rähnetlerini. Doly bilen weýran etdi üzümlerini, çabga bilen – injir agaçlaryny. Dola berdi mal-garalaryny, ýyldyrymlara – sürülerini. Olaryň üstlerine iberdi, Öz gaharynyň howruny, gazaby, dergazaby hem-de belany – gyrýan perişdeleriň bir toparyny. Ol ýol berdi Öz gazabyna: ölümden goramady olaň janyny, mergä berdi ömürlerini. Müsürde heläkledi ähli nowbaharlary – Hamyň çadyrlaryndaky ilkinji zürýatlary. Öz halkyny bolsa goýunlar kimin ýola rowana etdi, çölde olary bir süri kimin Ol ugrukdyrdy. Olary howp-hatardan gorap äkitdi, eýmenmediler, duşmanlaryny bolsa deňiz ýuwutdy. Getirdi olary Öz mukaddes ýurduna – eliniň ýeňip alan dagyna. Milletleri olaryň öňünden kowdy, çadyrlarynda Ysraýyl tirelerini ornatdy, mülklerini paýlap, olara miras hökmünde berdi. Olar bolsa heniz-de Beýik Hudaýy synaýardylar, Oňa garşy baş galdyrýardylar, parzlaryny berjaý etmeýärdiler. Dänip, atalary dek biwepadylar, ähtibarsyz keman kimin ynamsyzdylar. Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen, gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen. Hudaý eşidip, gazaba mündi, Ysraýyly büs-bütinleý ret etdi. Ynsanlar arasyndaky mesgeni bolan Şilodaky çadyryny terk etdi, Ýesirlige berdi Äht sandygyny, duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny. Öz halkyny gylyja berdi, Öz saýlan halkyna dergazap boldy. Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy, gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy. Ruhanylary gylyçdan öldi, olaryň dul hatynlary ýas tutup bilmedi. Şonda Taňry galkdy ukudan oýanan kimin, şerapdan aýňalmadyk bir erkek kimin. Ol duşmanlaryna ökje götertdi, olary baky ryswalyga sezewar etdi. Ol Ýusubyň çadyryny ret etdi, Efraýymyň tiresini saýlamady-da, saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Mukaddes öýüni Ol bina etdi, belent gökler deý, ebedilik berkarar eden dünýäsi kimin. Öz bendesi Dawudy saýlap, ony goýun agylyndan Ol aldy. Ony saýlap-seçen milleti Ysraýyla – Öz halky bolan Ýakup nesline çopançylyk etmeklik üçin, guzuly goýunlaryň yzyndan Ol alyp galdy. Dawut päk ýürek bilen olary bakdy, olary ökde elleri bilen ol ugrukdyrdy. Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Meniň Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykarjak günlerim gelýär; muny Reb aýdýandyr. Ol şa tagtyna çykyp, paýhasly höküm sürer, ýurtda adalat we dogruçyllyk bilen hereket eder. Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler. Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar. Ol gelip, Rebbiň güýji bilen, Hudaýy Rebbiň ajaýyp ady bilen bakar sürini. Olar asuda ýaşarlar; bütin dünýä ýaýrar beýikligi onuň. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.
Выбор основного перевода