Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb – meniň çopanym; men hiç zada mätäç bolmaryn. Ol meni ýaşyl örülerde ýatyrýar, siňňin akýan suwlaryň ýakasyna äkidýär. Halkym öýlerinde rahatlykda, howpsuz ýerlerde, asuda mesgende ýaşarlar. Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar. Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar. Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler». Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar.
Выбор основного перевода