Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“. Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň. Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler. Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr. Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler. Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar.
Выбор основного перевода