Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Men galanyň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan galadaky ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. Gomeri we onuň tutuş goşunlaryny, demirgazygyň aňry ujundan Togarma halkyny we ähli goşunlaryny seniň bilen birlikde köp halklary çykararyn. Şonda sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň. Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin.
Выбор основного перевода