Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Güýçlüler çöpe dönerler, işleri uçguna meňzär, işleri-de, özleri-de oda ýanarlar, ol ody söndüren bolmaz. Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar. Olaryň hemmesi saňa: «Sen-de biz ýaly ejizlediň, bize meňzediň!» diýerler. Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar. Faraon we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men dirileriň ýurduny gorkudan sandyramaga mejbur ederin! Faraon we onuň tutuş goşuny bolsa gylyçdan geçirilip, sünnetsizleriň arasynda ýatar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода