Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut we Aram Samyň nesilleridir. Ýöne diriler ýurdunda Reb ýagşylygyny görjekdigime ynanýaryn men. „Diriler ýurdunda Rebbi görmerin. Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin ynsana gözüm düşmez mundan artyk“ diýdim. Men bolsam damagy çalynmaga äkidilen ýuwaş bir guzy kimindim. Olaryň: «Geliň, agajy miwesi bilen ýok edeliň, mundan beýläk onuň ady ýatlanmaz ýaly, ony dirileriň ýurdundan kesip taşlalyň» diýip, meniň garşyma hile gurýandyklaryny bilmedim. Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň». Çünki ysraýyl we ýahuda halklary ýaşlygyndan bäri Meniň nazarymda diňe erbet işleri etdiler. Ysraýyl halky elleriniň işi bilen hemişe Meniň gaharymy getirdi. Muny Reb aýdýandyr. Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Eýlamyň kuwwatynyň gözbaşy bolan ýaýy döwerin. Asmanyň dört ujundan dört ýeli Eýlamyň başyndan inderip, olary bu ýelleriň çar tarapyna dargadaryn. Eýlamyň sürgün edilenleriniň aýak basmadyk ýurdy galmaz. Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn. Men tagtymy Eýlamda bina edip, onuň patyşalaryny we ýolbaşçylaryny ol ýerden ýok ederin. Muny Reb aýdýandyr. Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».
Выбор основного перевода