Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi. Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň! Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn. Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi». Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň. Görenler çiňerilip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden, dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?» Milletleriň patyşalarynyň ählisi, hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr. Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý, Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär». «Eý, ynsan ogly! Faraona we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň? Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar. Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar. Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar.
Выбор основного перевода