Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň. Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar. Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler. Meşek, Tubal ol ýerdedi. Olaryň ähli goşuny olaryň gabyrlarynyň töwerek-daşyndady; dirileriň ýurduna howp salandyklary üçin, olaryň ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar. Men dirileriň ýurduny gorkudan sandyramaga mejbur ederin! Faraon we onuň tutuş goşuny bolsa gylyçdan geçirilip, sünnetsizleriň arasynda ýatar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода