Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“ diýýär». «Eý, ynsan ogly! Faraona we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň? Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi. Men ony gür şahalar bilen bezäpdim; Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“». Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler». Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“. Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň. Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler. Eý, Kapernaum! Sen arşa göterilerin öýdýärsiňmi? Ýok, sen dowzaha taşlanarsyň, sebäbi sende görkezilen gudratlar Sodomda görkezilen bolsady, onda ol şu güne çenli saklanyp galardy.
Выбор основного перевода