Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin. Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym. Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar. gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar.
Выбор основного перевода