Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar. Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenarýakasyndaky halklar bilen söwda eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň. Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler. «Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“». Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi. Hudaý bizi, ýagny resullary, dabaraly ýörişde iň soňky hatarda goýaýdy öýdýän. Biz märekäniň göz alnynda öldüriljekler kimin bolduk. Hawa, biz tutuş älem-jahana: perişdelere-de, ynsanlara-da tomaşa bolduk.
Выбор основного перевода