Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler. onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler. Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi, çitçiti ýerine nar biter; bu Rebbe şöhrat getirer, ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar. Indi bolsa seniň pisligiňiň üsti açyldy. Indi sen Edom, pilişt gyzlary we seni ýigrenýän başga halklar tarapyndan masgaralanýarsyň. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz elleriňizi çarpyp, tans etdiňiz, Ysraýyl ýurduna bolan ýigrenjiňiz bilen ýürekden şatlandyňyz. «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».
Выбор основного перевода