Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý? Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“. Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“ diýerler. Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler. Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar.
Выбор основного перевода