Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler. Oňa Rebbiň sözüni eşit, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men içiňde ot tutaşdyraryn, ol sendäki her bir ösüp oturan agajy hem, guran agajy hem köýdürer. Lowlaýan ýalyn söndürilmez we günortadan demirgazyga çenli ähli ýüzler onuň bilen birlikde ýanar. Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar, sen günä etdiň. Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym. Men seni, eý, goragçy kerup, otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim. Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar. Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder». Erbetleri basgylarsyňyz, çünki Meniň bellän günüm olar siziň aýaklaryňyzyň astynda kül bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!
Выбор основного перевода