Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler. Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy, gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy. Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn. Olar Sur galasyna garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler; onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler». Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler». Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn». Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода