Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar. Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi. Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler. Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi. Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar. Söwdaňyň köpdügi üçin Siriýa seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler. Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler. Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi. Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy. Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi. Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler. Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler. Haran, Kanne, Eden, Şeba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler. Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-‑reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler. Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň. Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder. Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar. Sen goragçy kerup bolar ýaly ganatlaryňy ýaýyp oturdyň, seni Men belläpdim. Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň, otly daşlaryň arasynda gezdiň.
Выбор основного перевода