Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb oňa: «Adamyň agzyny kim ýaratdy? Ony lal ýa-da ker edýän kim? Kim oňa göreç berýär ýa-da kim ony kör edýär? Bu Men Reb dälmi näme? Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi. Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi. Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener. Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. Saňa derek adamlar bilen Harun gepleşer. Ol seniň sözleýjiň bolar, sen bolsa onuň üçin Hudaý ýaly bolarsyň. Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin. Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň». Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder». Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy.
Выбор основного перевода