Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz. Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“. Olaryň ýurdy butlardan doly, öz elleriniň işine, barmaklarynyň ýasan zadyna sežde edýärler. Menden gelen bu epgek bulardan has güýçli bolar. Olara garşy höküm eden Men-Rebdirin. Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär. Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly, çekiç bilen çüýläp berkidýärler. Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk». Ýa Reb! Eý, Ysraýylyň Umydy! Seni terk edenleriň bary utanja galar. «Menden ýüz öwrenler toz-‑topraga siňip giderler, çünki olar Men Rebbi – diri suwlar çeşmesini, terk etdiler». Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar. Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“. Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz. Şol wagt olar göläniň şekilinde but ýasap, oňa gurbanlyk berdiler. Olar öz elleriniň işlerine guwanyp, şadyhorram boldular.
Выбор основного перевода