Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hökmürowan Rebbiň maňa ýardam berendigi üçin, men utanja galmadym, ýüzümi çakmakdaşy deý etdim, men utandyrylmajagymy bilýärin. «Men seni halkymyň arasynda barlagçy hem derňewçi goýdum, eden işlerini barlarsyň, derňärsiň. Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr. Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim. Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme».
Выбор основного перевода