Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“». Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgüniň bagy bolan Uza bagynda jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy. Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi. Ýoşyýa patyşa bolan wagty sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýedida boskatly Adaýanyň gyzydy. Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi. Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan mürzäni şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi: «Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý. Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar. Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar. Emma olaryň eline berlen kümşüň hetdi-hasaby soralmasyn, çünki olar sadyklyk bilen işleýärler». Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrady tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady. Onsoň Şapan mürze patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi. Şapan mürze patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi. Patyşa Töwradyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi: «Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler». Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa dagy Hulda atly pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy. Hulda olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb sizi meniň ýanyma iberen adama şeýle diýýär: Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna bir betbagtçylyk indererin. Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“. Emma Ysraýyl Hudaýy Reb Özünden soramak üçin şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna onuň eşiden sözleri barada şeýle diýýär: „Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Rebbiň huzurynda peseltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men-Reb aýdýandyryn. Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler. Onsoň Ýoşyýa patyşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýaşulularynyň baryny çagyrdyp, öz ýanyna toplady. Ýoşyýa patyşa bütin ýahuda halky, bütin Iýerusalim ilaty, ruhanylar, pygamberler, uludan-kiçä bütin halk bilen Rebbiň öýüne gitdi. Patyşa Rebbiň öýünden tapylan Äht kitabyndaky sözleri olara sesli okap berdi. Ýoşyýa sütüniň gapdalynda durup, Rebbiň tabşyryklaryny, permanlaryny, parzlaryny bütin kalby bilen, bütin jany-teni bilen berjaý edip, Rebbiň yzyna eýerjekdigine hem-de şu äht barada kitapda ýazylan sözleri berjaý etjekdikleri hakda Rebbiň huzurynda Onuň bilen äht edişdi. Bütin halk hem bu ähti oňlady. Bagala, Aşera we ähli asman jisimlerine sežde etmek üçin edilen gap-gaçlaryň baryny Rebbiň ybadathanasyndan çykarmak barada Ýoşyýa patyşa baş ruhany Hilkiýa, ikinji derejeli ruhanylara we gapy sakçylaryna tabşyryk berdi. Onsoň şol gap-gaçlaryň baryny Iýerusalimiň daşynda, Kidron deresinde ýakyp, olaryň külüni Beýtele äkitdiler. Ýahuda patyşalarynyň ýahuda galalarynyň we Iýerusalimiň töweregindäki seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin bellenen butparaz ruhanylary, şeýle hem Bagala, Güne, Aýa, ýyldyzlara we tutuş asman jisimlerine sadakalar hödürleýän ruhanylary wezipelerinden boşatdy. Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi. Ýoşyýa Rebbiň öýünde bolan azgyn erkekleriň öýlerini-de ýykdy. Ol ýerde aýallar Aşera üçin dokma işlerini edýärdiler. Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi. Seždegähleriň ruhanylaryna Rebbiň Iýerusalimdäki gurbanlyk sypasynda Rebbe gulluk etmäge rugsat edilmese-de, olar beýleki ruhanylaryň ülüşinden petir iýip bilýärdiler. Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi. Patyşa Rebbiň öýüniň girelgesinden Ýahuda patyşalary tarapyndan Güne çokunmaga bagyşlanan atlaryň heýkelini aýyrdy, atlar Natanmelek emeldaryň howlusynyň ýanyndady, şeýle hem ol Güne sežde etmek üçin ulanylýan arabalary ýakdy. Ýoşyýa Ýahuda patyşalary tarapyndan salnan Ahazyň ýokarky gatdaky jaýynyň üçeginde bolan gurbanlyk sypalaryny we Manaşanyň Rebbiň öýüniň iki howlusynda salan gurbanlyk sypalaryny ýykyp, olary kül--peýekun etdi. Ol gurbanlyk sypasynyň döwük böleklerini Kidron deresine taşlady. Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Iýerusalimiň gündogaryndaky Heläk dagynyň günortasynda, sidonlylaryň ýigrenji hudaýy Aştoret üçin, Mowabyň ýigrenji buty Kemoş üçin, ammonlaryň ýigrenji buty Milkom üçin guran seždegählerini patyşa haramlady. Ýoşyýa patyşa dikme daşlary kül-peýekun edip, Aşera butlaryny çapyp, olaryň ýerlerini adam süňkleri bilen doldurdy. Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy. Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi. Onsoň Ýoşyýa patyşa gala adamlaryndan: «Meniň bu görýän heýkelim näme?» diýip sorady. Olar oňa: «Bu Ýahudadan gelen hem-de seniň Beýteldäki gurbanlyk sypasynyň garşysyna eden işleriň barada pygamberlik eden Hudaýyň adamynyň gabrydyr» diýip jogap berdiler. Ýoşyýa patyşa: «Ony öz gününe goýuň, hiç kim onuň süňklerine el degirmesin» diýip tabşyryk berdi. Şeýdip, adamlar Hudaýyň adamynyň süňkleri bilen Samariýadan gelen pygamberiň süňklerine el degirmediler. Mundan başga-da Ýoşyýa Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähleri ýok etdi. Ol ýerleri Ysraýyl patyşalary gurup, Rebbiň gaharyny getiripdiler. Ýoşyýa Samariýadaky seždegähleri-de, edil Beýteldäki gurbanlyk sypasyny edişi ýaly etdi. Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi. Patyşa bütin halka tabşyryk berip: «Bu äht kitabynda ýazylyşy ýaly Hudaýyňyz Rebbe bagyşlap, Pesah baýramyny belläň» diýdi. Ysraýyly dolandyran serdarlaryň döwürlerinden bäri Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň bütin ömründe bu Pesah baýramy ýaly baýram hiç haçan bellenilmändi. Emma Ýoşyýa patyşanyň şalygynyň on sekizinji ýylynda bu baýram Iýerusalimde Rebbe bagyşlap bellenildi. Şeýle hem Ýoşyýa Hilkiýa ruhanynyň Rebbiň öýünden tapan kitabynda ýazylan kanunda aýdylan zatlary berjaý etmek üçin, Ýahudada, Iýerusalimde edilýän ähli nejis işleriň, ähli öý butlarynyň, beýleki butlaryň, palçylaryň, jadygöýleriň barynyň soňuna çykdy. Rebbe Musanyň kanunyna laýyklykda bütin kalby, bar güýji bilen jan-tenden gulluk eden Ýoşyýa ýaly patyşa ondan öň hem, soň hem bolmady. Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy. Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin». Ýoşyýanyň patyşalygy baradaky başga wakalar we ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr. Ýoşyýa patyşanyň döwründe Müsüriň patyşasy faraon Neko Aşur patyşasyna kömek bermek üçin, Ýewfrat derýasyna tarap ýola düşdi. Ýoşyýa hem ony garşylamaga gitdi. Emma faraon Neko Ýoşyýa Megidoda sataşyp, ony şol ýerde öldürdi. Ýoşyýanyň hyzmatkärleri onuň jesedini Megidodan arabaly Iýerusalime getirip, öz guburynda jaýladylar. Ýurduň bütin ilaty Ýoşyýanyň ogly Ýehogahazy getirip, başyna ýag guýup, kakasynyň ýerine patyşa goýdular. «Ine, ýigrimi üç ýyl bäri, Ýahuda patyşasy Amonyň ogly Ýoşyýanyň şalygynyň on üçünji ýylyndan tä şu güne çenli Rebbiň sözi maňa aýan bolup gelýär. Men-de her gün ony size dyngysyz aýtdym, ýöne siz diňlemediňiz.
Выбор основного перевода