Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pynhanlykda ýaradylan mahalym, ýeriň çuňluklarynda emele gelen mahalym, Senden gizlin däldi meniň süňklerim. Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy. Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun! Eý, adalar, meni diňläň! Eý, uzakdaky halklar, gulak asyň! Ýatgydakam Reb meni çagyrdy, enemiň göwresindekäm adymy tutdy. Ýakup neslini Özüne gaýtarmagym üçin, Ysraýyly Onuň öňüne toplamagym üçin, ýatgydakam maňa şekil berip, bendesine öwürdi Reb meni. Men Rebbiň nazarynda hormat gazandym, Hudaýym meniň güýç-‑gudratym boldy. Ol: «Ýakubyň tirelerini täzeden dikeltmek üçin, ysraýylyň goralyp saklananlaryny yzyna getirmek üçin bendäm bolmagyň ýeterlik däldir, seni milletlere nur ederin, seniň üstüň bilen ýeriň aňry çägine çenli halas ederin» diýýär. Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim
Выбор основного перевода