Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular. «Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr. Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin. Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin. Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy.
Выбор основного перевода