Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň, gaçyp gutulyň, eglenmäň! Çünki Men demirgazykdan bela, äpet betbagtlyk indererin. «Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär. Olar öýleridir mellekleri bilen aýallary berler başgalara, Men elimi galdyraryn bu ýurduň ilatyna». Muny Reb aýdýandyr. Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“ diýýärler. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz. Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý. Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.
Выбор основного перевода