Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler. Müneçjimlere patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr. Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez. Onsoň jadygöýler, palçylar, müneçjimler we bilgiçler geldiler. Men olara gören düýşümi gürrüň berdim, emma olar ony ýorup bilmediler. Ine, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».
Выбор основного перевода