Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Milletleriň butlary kümüş, tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlemeýär, gözleri bar, ýöne görmeýär. Gulaklary bar, ýöne eşitmeýär, burunlary hem ys-kok almaýar. Elleri bar, ýöne hiç zat duýmaýar, aýaklary bar, ýöne ýöremeýär, bogazlaryndan ses-üýn çykmaýar. Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok. Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz. Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.
Выбор основного перевода