Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz, ähli kişiniň dyzlary titrär. Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy. Şonda Belteşasar, ýagny Danyýel bir salym agyr pikire çümdi. Pikirleri ony howsala saldy. Patyşa: «Belteşasar, seni agyr ünjä goýan bu düýş we onuň ýorgudy bolaýmasyn» diýdi. Belteşasar oňa şeýle jogap berdi: «Eý, jenabym, goý, bu düýş seni ýigrenýänleriň, onuň ýorgudy bolsa duşmanlaryňyň başyna gelsin! Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.
Выбор основного перевода