Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ýüregim bikarardyr, saňňyldaýan gorkudan ýaňa; küýsän alagaraňkylygym wehime salgar. Iýýärler, içýärler, halylar düşäp, saçak ýazyp. Eý, serkerdeler, turuň-da, galkanlary ýaglaň! Reb maňa şeýle diýdi: «Git-de bir gözegçi goý, goý, ol habar bersin görenini. Ol söweş arabalaryny, jübüt-jübüt atlylary, eşeklileri, düýelileri görende, dykgat bersin, üns bersin». Gözegçi gygyrdy: «Ýa Reb, gözegçilik diňidir gündizlerine ornum, nobatçylyk çekýän bütin gijeläp. Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol. Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.
Выбор основного перевода