Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy. Soňra faraon Ýusuby özüniň weziriniň at arabasyna mündürtdi; Ýusubyň öňünden: «Tagzym ediň!» diýip jar çekdirdiler. Şeýdip, patyşa Ýusuby tutuş Müsür ýurduna hökümdar edip belledi. Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar. Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimiýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar. Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.
Выбор основного перевода