Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Faraon barmagyndaky patyşalyk möhürini çykaryp, ony Ýusubyň barmagyna dakdy; oňa gymmatbaha lybaslar geýdirdi we boýnuna altyn zynjyr dakdy. Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi. Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym. Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular. Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň». Şonda men bu düýşi ýordurmak üçin Babylyň ähli akyldarlaryny huzuryma getirmeklerini buýurdym. Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň». Bu häkimleriň hem üstünden sereder ýaly üç sany wezir goýdy. Patyşany alada goýmaz ýaly häkimler bu wezirlere hasabat bermelidiler. Üç weziriň biri hem Danyýeldi. Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.
Выбор основного перевода