Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi. Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi. Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy. Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy. Şonda men bu düýşi ýordurmak üçin Babylyň ähli akyldarlaryny huzuryma getirmeklerini buýurdym. Onsoň jadygöýler, palçylar, müneçjimler we bilgiçler geldiler. Men olara gören düýşümi gürrüň berdim, emma olar ony ýorup bilmediler. Ahyry meniň hudaýymyň adyna görä Belteşasar diýlip atlandyrylan, mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan Danyýel huzuryma geldi. Men oňa düýşümi gürrüň berdim: «Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber. Ine, men Nebukadnesaryň gören düýşi şudur! Eý, Belteşasar, indi munuň ýorgudyny maňa aýan et, çünki patyşalygymdaky akyldarlaryň hiç biri bu düýşi ýorup bilmedi. Ýöne sen başararsyň, çünki sen mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylansyň».
Выбор основного перевода