Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz sebäpli Rebbiň hatda maňa-da gahary gelip, Ol maňa şeýle diýdi: „Sen hem ol ýurda aýagyňy sekmersiň. Pisga dagynyň depesine çyk-da, günbatara, demirgazyga, günorta we gündogara seret. Gowuja seretgin, çünki sen Iordandan aňry geçmersiň. Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri, tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşa topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri, Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy.
Выбор основного перевода