Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, gök, eşit, eý, ýer, gulak goý! Reb şeýle diýýär: «Men çagalary ekledim, ulaltdym, emma olar garşyma baş göterdiler. «Siziň özüňiziň, ata-babalaryňyzyň, patyşalaryňyzyň, ýolbaşçylaryňyzyň, ýurduň halkynyň Ýahuda şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde tütetgi ýakanyňyzy Reb ýadyndan çykardymy? Mundan Onuň habary ýokmudyr? Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy. Siz tütetgi ýakdyňyz, Rebbe garşy günä etdiňiz, Rebbe gulak asmadyňyz, Onuň kanunlaryny, parzlaryny we permanlaryny berjaý etmediňiz. Şonuň üçinem, ine, başyňyzdan bu günki bela-beterler indi». Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.
Выбор основного перевода